DÜNÝÄ

ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri duşuşar

ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken 28-nji fewral-3-nji mart aralygynda Gazagystanda, Özbegistanda we Hindistanda saparda bolar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Neda Praýsyň ýazmaça beýanatynda bellenilip geçilýär.

Astana şäherinde ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşar. Şeýle hem Astana şäherinde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. C5+1 formatyndaky köptaraplaýyn duşuşykda döwletleriň arasyndaky ykdysady, energetika, ekologiýa hyzmatdaşlygy we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Blinken Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirer. Bu duşuşyklarda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşylar.

Şondan soňra ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken Özbegistanda saparda bolar. Blinken 1-nji martda Nýu-Deli şäherine gidip, ol ýerde Uly-20-ligiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşar.

Bu duşuşykda azyk we energetika howpsuzlygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar