JEMGYÝET

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. 

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Şu ýyl Siziň ýurduňyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçýär. Munuň özi türkmen döwletliliginiň Garaşsyzlyk hem-de baky Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygyny alamatlandyrýar.

Biziň halklarymyzy ynsanyň wepaly hemrasy hökmünde bedewe belent sarpa goýmak ýörelgeleri birleşdirýär. Ahalteke tohumy biziň respublikamyzyň atçylyk sporty medeniýetinde aýratyn orny eýeleýär. Tatarystan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň Russiýadaky esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Bu bedewleriň gözelligi hem-de çydamlylygy Kazanyň aýlawlarynda geçirilýän at çapyşyklaryna müňlerçe tomaşaçyny ýygnaýar.

Siziň bilen hem-de Türkmenistanyň ähli doganlyk halky bilen bilelikde bu ajaýyp baýram mynasybetli şatlykly duýgularymy paýlaşýaryn hem-de Size, ýakynlaryňyza, ýurduňyzyň ähli raýatlaryna berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Related posts

Türkmenistanda täze saglyk merkezleriniň düýbi tutular

“Men seni şeýle bir söýýärin welin”

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri