JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurduň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentiň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek.

Şu gün Ahal welaýatynda 80 müňden gowrak agaç nahallary oturdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde, ýagny Balkan welaýatynda agaç nahallarynyň 60 müňe golaýy ekildi. Daşoguz welaýatynda dürli agaç nahallarynyň 300 müň düýbi ekiler.

Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy.

2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasyna gutlag hatyny iberdi

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener