JEMGYÝET

Yrak Respublikasynyň Prezidenti Aşgabada geldi

Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid Aşgabada geldi. Yrak döwletiniň Baştutany öňde duran, birnäçe möhüm senelere: BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara Foruma gatnaşar.

Aşgabat Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow garşylady.

Yragyň Lideriniň şeýle wekilçilikli halkara çärä gatnaşmagy, sebit we ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýetini nygtaýar.

Türkmenistan Yrak Respublikasy bilen dürli ugurlarda, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk edýär. Iki ýurduň arasynda tebigy gaz boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Ata Watan Eserleri