Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:
– Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna öz adymdan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.
Soňky ýyllarda Türkmenistan uly ösüş ýoluny geçip, döwlet Garaşsyzlygyny barha pugtalandyrýar, okgunly durmuş-ykdysady ösüşe eýe bolýar, halkara giňişlikde ýokary abraýdan peýdalanýar. Azerbaýjan doganlyk Türkmenistanyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar hem-de ýurduňyzyň dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk syýasatyny hemişe goldaýar.
Taryhy kökler, umumy milli-ruhy gymmatlyklar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berk baglanyşykly halklarymyzyň erk-isleginden gözbaş alýan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesi hoşallyk duýgusyny döredýär.
Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklarymyz dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparyňyza ýokary baha berýäris, onuň çäginde geçiren gepleşiklerimiziň, gol çekilen resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýolunda möhüm sepgit bolandygyny bellemek isleýärin.
Azerbaýjan-türkmen dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, strategik hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa hemişe parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
