DÜNÝÄ

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Onda hormatly Prezidentimizyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Mähri Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Begençgeldi Amanowa «Türkmen bedew aty şaý-sep toplumy» atly eseri, şol ýokary okuw mekdebiň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Rustam Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaş eseri we heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Ahat Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ilaman Çüriýewe «Bedewim — göz-guwanjym» atly foto eseri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby operatoryň işi we montažyň režissurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hemra Kakabaýewa «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi