DÜNÝÄ

Soňky 30 ýylda 420 million gektar tokaý ýok edildi

Azyk we oba hojalygy boýunça halkara guramanyň (FAO) hasabatyna görä, dünýädäki tokaýlaryň ýarysyndan gowragy bäş döwletde ―Russiýa Federasiýasynda, Braziliýada, Kanadada, ABŞ-da we Hytaýda ýerleşýär.

Guramanyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, soňky 30 ýylda Ýer ýüzündäki tokaýlaryň möçberi azaldy. Çünki 1990-njy ýyldan bäri, takmynan, 420 million gektar tokaý ýok edildi.

«Tokaýlary ýok etseňiz, ekoulgamy ozalky kaddyna getirip bilmersiňiz» diýlip guramanyň beýanatynda aýdylýar. Hut, ekoulgamyň bardygy üçin biz iýýäris, içýäris we dem alýarys. Dünýäde kislorodyň tükenmezligi, içýän suwumyzyň arssa bolmagy ýaly zerurlyklar üçin tokaýlar möhümdir. Bularyň üstesine-de, tokaýlar ýabany tebigat üçin öýdür.

Ýok bolan tokaýlaryň ýarysy diýen ýaly daşky täsirlere sezewar boldy, olaryň üçden birini bolsa adamlar ýok etdi. Şeýle-de bolsa, tokaýlaryň çapylmagy dowam edýär, bu bolsa dünýäniň galan ýerine hem howp salýar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär