SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň dördünji sanjymy hem taýýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýakyn wagtda koronawirusa garşy dördünji sanjymyň ulanylyşa başlanjakdygyny habar berdi.

Ol öz çykyşynda: «Biz tizlik bilen koronawirusa garşy üç sany täsirli sanjymy taýýarladyk. Dördünji sanjym ýakyn wagtda goýberiler» diýip, habar berdi.

Putin öz sözleriniň üstüni ýetirmek bilen, Russiýanyň pandemiýa garşy göreşde daşary döwletler bilen hyzmatdaşlyk edýänine buýsanýandygyny mälim etdi. Öň Russiýada «Sputnik V» sanjymy hasaba alynypdy. Soňra «EpiWakKorona» we «KowiWak» sanjymlary işläp çykaryldy.

6-njy maýda «Sputnik Laýt» sanjymy hasaba alyndy. Onuň netijeliligi 79,4 göterime deňdir.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirile mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, Russiýada işlenip taýýarlanan waksinalaryň birnäçesi Türkmenistanda hem bellige alyndy.

 

Ynanç hatyny tassyklatmak barada maglumat

 

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy