SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 20-nji martda hökümetiň mejlisinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri guralar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sport, sagdyn durmuş çärelerini, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy