SPORT

Karim Benzema 6 ýyldan soň Fransiýanyň milli ýygyndysyna çagyryldy

«Real Madrid» toparynyň hüjümçisi Karim Benzema Fransiýa milli ýygyndysyna gaýdyp biler.

«Le Parisien» neşriniň habaryna görä, 33 ýaşly hüjümçi käbir duşuşyklary Fransiýada geçiriljek «Ýewro ― 2020» ýaryşyna gatnaşjak oýunçylaryň sanawyna goşular.

Ýeri gelende aýtsak, Benzema 2015-nji ýyldan bäri milli ýygyndyda oýnamady. Ol 2015-nji ýylda topardaşy Matýo Walbuena bilen bolan dawa sebäpli milli ýygyndydan çykaryldy.

Benzema 2020 ― 2021-nji ýyllaryň futbol möwsümde La Ligada «Real» üçin 33 gezek çykyş edip, 22 pökgi geçirip, 8 sany gol pasyny amala aşyrypdyr.

 

Dünýädäki iň gymmat futbol toparlary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar