SPORT

CAFA-2025: Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde futbol sportuny ösdürmäge uly goşant goşýan CAFA Milletler Kubogy 2025 halkara ýaryşy tamamlandy. Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, şol sanda Hindistanyň we Omanyň milli ýygyndylary gatnaşdy.

CAFA Milletler Kubogy 2025 halkara ýaryşynyň final duşuşygy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Onda Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndylary gatnaşdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda Özbegistanyň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy.

2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyna taryhynda ilkinji gezek gatnaşmaga hukuk gazanan Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýeke-täk goly duşuşygyň goşmaça wagtlarynyň tamamlanýan 119-njy minutynda geçirildi. Bu goly Hojuakbar Alžanow öz adyna ýazdyrdy.

Bu duşuşyga Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino hem tomaşa etdi.

Özbegistanyň ýygyndysyna medallaryny we kubogyny Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gowşurdy.

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder