BILIM

Bäherden etrabynda täze çagalar bagy açyldy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy geňeşliginde täze, döwrebap çagalar bakja-bagynyň kaşaň binasy dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Welaýatdaky döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň üstüni ýetiren täze çagalar bagy hormatly Prezidentimiziň bagtyýar körpelerdir bilim işgärlerine, etrabyň ähli ýaşaýjylaryna ajaýyp toý sowgady boldy.

Dabara gatnaşyjylar 320 orunlyk döwrebap çagalar bakja-bagynyň otaglaryna we esasy binanyň daşyndaky meýdançalara aýlanyp gördüler. Iki gatdan ybarat bolan kaşaň binanyň gurluşygyny «Iki çynar» hususy kärhanasynyň ezber hünärmenleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Ol ýerde körpeleriň döwrebap derejede terbiýelenmegi, ilkinji bilim sowadyny öwrenmegi ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä bilim-terbiýe almagy üçin otaglaryň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Kompýuter, aýdym-saz, beden maşklary otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy has-da ünsi çekijidir. Bu ýerde bilim işgärlerine körpelere dilleri öwretmek we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döredijilikli zähmet çekmek babatynda ähli amatlyklar bar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar