DÜNÝÄ

Russiýa Türkmenistana täze söwda wekilini belledi

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Andreý Hripunowy Russiýanyň Türkmenistandaky täze söwda wekili wezipesine belledi. Bu baradaky buýruk Russiýanyň hukuk maglumat portalygynda çap edildi.

“Hripunow Andreý Nikolaweiçi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili wezipesine bellemeli” – diýlip, resminamada bellenilip geçilýär.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gol çeken başga resminamasyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandra Elizarowa gulluk iş şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Andreý Hripunow mundan ozal, Russiýa Federasiýasynyň Serbiýadaky söwda wekili wezipesinde işläpdi.

Related posts

Täze ýylyň täsin myhmany

vepa

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Wise-premýerleriň 2-sine käýinç yglan edildi