DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi   A.Baýramow Ýaponiýanyň Ykdysady howpsuzlyk boýunça ministri Kimi Onoda bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, has takygy emeli aň (AI) we sanly özgeriş,  ylym we innowasiýa hyzmatdaşlygy, ýaşyl tehnologiýalar, bilimi ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, uniwersitetler we guramalar arasyndaky hyzmatdaşlyk, ykdysady howpsuzlyk we kiberhowpsuzlyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

K.Onoda şol bir wagtyň özünde “Cool Japan” strategiýasy, Intellektual eýeçiligi strategiýasy, Ylym we tehnologiýalar syýasaty boýunça Döwlet ministri wezipesini ýerine ýetirip, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň agzasy bolup durýar.

Related posts

Türkmenistan’da Anayasa ve Bayrak Günü kutlandı

vepa

Napolýonyň şaý-sepleri we imperator aýalynyň täji: Luwr muzeýi dört minutda talaň edildi

Ata Watan Eserleri

Owganystan Yslam Emirliginden Türkmenistana minnetdarlyk haty

Ata Watan Eserleri