DÜNÝÄ

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça müdürliginiň Baş direktory Taro Kono  bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, has takygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň arasyndaky göni gatnaşyklary ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly özgeriş,  ýaşlar diplomatiýasy we global liderlik maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek, ykdysady we söwda syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek, ylym we innowasiýa hyzmatdaşlygy, ýaşyl tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary babatda ara alyp maslahatlaşdylar.

T.Kono ozal Ýaponiýanyň Goranmak, Daşary işler we Sanly tehnologiýalar boýunça ministri wezipelerinde işledi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmen Lider, toplu konut açılışına katıldı

vepa

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy