DÜNÝÄ

Wladimir Putin: Hazar sammiti ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bähbidine

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti geçirilýär. Sammit paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşýar.

Sammite gatnaşýan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar sammitiniň örän möhüm çäre bolup durýandygyny belläp, onuň oňa gatnaşyjy ähli döwletler üçin bähbitli bolup durýandygyny belledi.

– Hazar sammiti – ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin örän möhüm çäredir. Onuň hemmeler üçin bähbitli boljakdygyna ynanýaryn – diýip belledi.

 

VI Hazar sammiti baÅŸlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady