JEMGYÝET

Milli Liderimiz: «Brownstein» kompaniýasy TOPH taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýär

«Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşynda belläp geçdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlary hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly ähmiýetiniň bardygyny hem aýratyn bellemek isleýärin. Indi köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýärler. Amerikanyň «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar.

Aýratyn-da, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň konsultant-maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belläp geçmek isleýärin. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

Related posts

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Taryhda şu gün – 4-nji noýabr

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Limburg welaýatynyň häkimi bilen halkara atçylyk-sport çäresini maslahatlaşdy