SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Garramagy haýalladýan doňdurma öndürildi

Polşanyň Günbatar Pomeraniýa Tehnologiýa uniwersitetiniň alymy Kataržina Şkolniska garramagy haýalladýan we adamlaryň keýpini gowulandyrmaga oňyn täsir edýän doňdurma reseptini döretdi. Bu barada “The First News” neşiri habar berýär.

Alym doňdurma taýýarlanylanda adaty süýdüň ýerine sygyr süýdüniň ýagyny alandan soňra emele gelen ýagsyzlandyrylan aýran ulanmagy teklip etdi. Ýagsyzlandyrylan aýranyň düzüminde bedeniň saglygyny gowulaşdyrýan fosfolipidler we sfingolipidler bardyr.

Şeýlelik bilen, bu maddalar erbet holesteriniň derejesini peseldýär we nerw ulgamynyň işlemegini goldaýar.

Aýran bilen öndürilen doňdurma az kaloriýaly bolup, has ýokumlydyr.

 

Türkmenistandan Russiýa 12-nji ýörite uçar gatnawy

 

 

Related posts

Aşgabatdan Dubaýa hepde 2 gatnaw amala aşyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler