SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Klýuge: “omikrondan” soňra pandemiýa gözegçilik astyna alnar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Klýuge koronawirusyň “omikron” görnüşinden soňra pandemiýanyň gözegçilik astyna alnyp boljakdygyny belledi.

Hans Klýuge Russiýanyň “TASS” habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde koronawirusyň “omikron” görnüşi hem-de rus waksinalarynyň ykrar edilmegi barada gürrüň berdi.

Söhbetdeşlikde “omikron” görnüşiniň ýaýramagy barada gürrüň beren Klýuge koronawirusyň bu tolkuny bilen adamlaryň immunitetiniň ýokarlanýandygyny belläp, munuň ýa waksinanyň hasabyna ýa-da wirusyň täsirinden bolup durýandygyny mälim etdi.

Klýuge koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýumşak görnüşde geçýändigini belläp, koronawirusyň bu görnüşinden belli wagtdan soňra ýagdaýyň başga görnüşler hem ýaýran halatynda köşeşjekdigini belläp geçdi.

BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Klýuge şondan soňra döwletleriň çäklendirme düzgünlerini girizmezden adaty durmuşa dolanyp biljekdigini mälim etdi.

Klýuge munuň üçin hökümetleriň 4 zady etmelidiklerini belledi:

  • Birinjisi gözegçiligi güýçlendirip, her bir döwlet täze ştammlary çalt ýüze çykarmak mümkinçiligine eýe bolmaly.
  • Ikinjisi, ilata sanjym etmegi we gaýtadan sanjym etmegi dowam etdirmeli.
  • Üçünjisi, ýagdaýy ep-esli gowulaşdyryp biljek täze wirusa garşy dermanlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaly.
  • Dördünjisi, täze ştammlar ýüze çykan halatynda howp abanýanlara derrew agyz-burun örtügi ​​däl-de, respirator geýmegi we howpsuz aralygy saklamagy maslahat bermeli.

Hans Klýuge munuň bilen hem arkaýynlaşmaly däldigini belläp, sanjym hem-de buster sanjymlarynyň alynmagynyň zerur bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Klýuge rus waksinalarynyň BSGG tarapyndan ykrar edilmegi babatda Russiýanyň degişli edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini belledi. Rus tarapynyň waksinalar babatda zerur resminamalary yzygiderli hödürleýändigini aýtdy.

 

Smartfon bilen “Covid-19” synagy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy