JEMGYÝET

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

 

2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, konsert geçiriler. Bu konsert konserwatoriýanyň uly zalynda bolar.

Konsertde  Türkemenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow we halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Stella Faramazowa  fortepianoda, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi  Aýbölek Muhyýewa skripkada, Bahar Durdyýewa soprano, Bahram Dolyýew skripkada şeýle hem, kirişli saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýew dagylar çykyş ederler.

 

Konsert sagat 18: 30 başlanar. Giriş mugt.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Related posts

20-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi