JEMGYÝET

Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Türkmenistana gelýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş 10-11-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Bu barada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkiýäniň Mejlisiniň habar bermegine görä, Numan Kurtulmuş Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşar.

Bu forumyň çäklerinde birnäe ikiçäk duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutýän Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Türkmenistanyň Mejlisiniň binasyna baryp görer hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşar.

Şeýle hem Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Related posts

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

“Meizu 17” we “Meizu 17 Pro” smartfonlarynyň satuwy

Ata Watan Eserleri