BILIM

Himiýa boýunça Nobel baýragyny gazananlar belli boldy

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyna alymlar Dewid Beýker, Demis Hassabis we Jon Jamper mynasyp boldy. Olar beloklaryň gurluşyny öwrenmek boýunça gazanan üstünlikleri esasynda bu abraýly baýragyň eýeleri boldular.

Amerikaly himik Dewid Beýkere belokleruň täze görnüşlerini döretmek başartdy. Britan alymlary Demis Hassabis we Jon Jamper bolsa, beloklaryň çylşyrymly gurluşlaryny öwrenmekde emeli aň usulyny işläp düzdüler.

Beloklar, Ýerdäki ýaşaýşyň esasyny emele getirýän ähli himiki reaksiýalary dolandyrýar we herekete getirýär. Beloklar gormonlar, signal berýän maddalar we dürli dokumalaryň gurluş bölekleri hökmünde hem hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Nobel hepdeligi dowam edýär. Ilkinji bolup, lukmançylyk we fiziologiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri mälim edildi. Soňra düýn fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi