SPORT

Ýurgen Kloppa täze wezipe berildi

Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen uly üstünlikler gazanan german hünärmen Ýurgen Klopp “Red Bull” kompaniýasynyň futbol amallaryna ýolbaşçylyk eder. Bu barada “Sky Sports” neşiri habar berýär.

Tejribeli hünärmen 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda täze wezipesine girişer. Klopp “Red Bull” kompaniýasynyň Germaniýanyň “Leýpsig”, Awstriýanyň “Zalsburg” we Amerikanyň “Nýu-Ýork” toparlaryna maslahatlaryny berer.

Şeýle hem şertnamada ony wagtyndan öň ýatyrmak maddasyna hem orun berildi. Eger Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine saýlanan halatynda bu wezipesini tabşyrar.

2015-2024-nji ýyllar aralygynda “Liwerpul” toparyna tälim beren Klopp bu topar bilen Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Superkubogyny eýeledi.

 

Related posts

Aziýa Kubogy-2026: Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy

Messi bilen Ronaldonyň duşuşygynyň biletiniň bahasy 2,6 million dollar

Germaniýanyň topary Serdar Azmun bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri