SPORT

Messi Saud Arabystanynyň ilçisi boldy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Saud Arabystanynyň syýahatçylyk boýunça ilçisi boldy. Ol Saud Arabystanydaky “Jeddah Season” taslamasyny tanyşdyrmak üçin bu ýurda bardy.

– Biz Lionel Messiniň Saud Arabystanyna gelmeginden gaty hoşaldyrys. Biz Gyzyl deňizdäki ajaýyplyklar bilen tanyşdyrýarys. “Jeddah Season” taslamasyna gatnaşyp, biziň gadymy taryhymyz barada maglumat alyp bilersiňiz – diýip, Saud Arabystanynyň syýahatçylyk ministri Ahmed Al-Hateb gürrüň berdi.

Şeýle hem ol Messiniň Saud Arabystanyna ilkinji sapary däldigini, soňkusy hem bolmajakdygyny belledi.

“Jeddah Season” – syýahatçylyk festiwaly bolup, Saud Arabystanyda maý-iýun aýlarynda geçirilip, onuň çäklerinde 2800-e golaý çäre geçiriler.

 

11-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy