Bugün Paýtagtymyzda Bitaraplyk Baýramy mynasybetli geçirilen halkara sergide Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň taýýarlan sergisine syn etdik. Ol ýerde bize şol ilçihananyň işgäri Zeýnep Hojagurbanowa, ine, şu maglumatlary ýetirdi.
– Bitaraplyk baýramyňyz gutly bolsun, Zeýnep!
– Sag boluň! Ähli türkmen halkynyň baýramy mübärek bolsun!
– Bu günki sergide Ýaponiýanyň milli lybasyny geýmegiňiz has-da täsirli bolupdyr. Eýsem ol nähili atlandyrylýar?
– “Kimano” ady bilen ýer ýüzünde tanalýan ýapon milli lybasy häzirki wagta çenli hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Kimanonyň şu günki günde has döwrebaplaşan görnüşleri ýoň bolan. Şeýle-de bolsa, olar heran-haçan Ýaponiýanyň milliligini şöhlelendirýär.
– Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda nähili köpçülikleýin işler alnyp barylýar?
– Her bir şanly senä bagyşlanyp, baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem 3-4 gün dowam eden kinofestiwal geçirildi. Galyberse-de, paýtagtymyzda geçirilýän halkara sergilere yzygider gatnaşyp, türkmen halkymyzy, şol sanda dünýä ýurtlaryndan gelýän wekilleri ýapon medeniýeti, sungaty, edim-gylymlary bilen tanyşdyrýarys.
– Nesip bolsa, nobatdaky Olimpiýa oýunlary Ýaponiýanyň Tokiýo şäherinde geçirilmeli. Oňa ilçihanaňyzdan wekilçilik etjek barmy?
– Hawa. “Tokiýo 2020” hem golaýda. Dünýäniň sport ussatlaryny özünde jemlejek Olimpiýa oýunlaryna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri hem gatnaşar. Ol barada has anyk maglumaty hem oýunlara ýakyn wagtda alyp bilersiňiz.
– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň, Zeýnep. Işleriňizde üsünlikler ýar bolsun!
– Sag boluň!