SPORT

Basketbolçy aradan çykdy

Geçen möwsüm Serbiýanyň “Gyzyl ýyldyz” toparynda oýnan Mihael Ojo ýüregi agyry keseli sebäpli aradan çykdy.

“Gyzyl ýyldyz” basketbol topary tarapynda berilýän habara görä, 30-njy iýunda şertnamasy tamamlanan ýaş oýunçynyň Serbiýanyň paýtagt şäheri bolan Belgradda okuw türgenleşiginiň dowamynda geçiren ýürek agyry keselinden aradan çykdy.

Habarda: Toparymyzda 2 möwsüm bäri oýnap gelýän Ojonyň garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykmagy biziň hemmämizi gynandyrdy. Onuň topar bilen ilkinji günden bäri tanyşlygy şertnama gutarsada, dostlugy dowam etdi — diýip, aýdylýar.

Mihael Ojo 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ine doglan. Onuň boýy 2 metr 16 santimetre agramy bolsa, 141 kilograma barabardyr. Mihael Ojo basketbol äleminde iň uzyn oýunçylaryň biridir.

Related posts

Sambo boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda geçiriler

13 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy

Lionel Messiniň kakasy aradan çykdy