SPORT

Inýesta futbol bilen hoşlaşdy

Ispaniýanyň futbol taryhynda yz galdyran futbolçylardan Andres Inýesta futbol bilen hoşlaşdy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy hem-de “Barselona” topary bilen köp sanly üstünlikleriň eýesi bolan Inýesta şeýle günleriň hem geljekdigine garaşmandygyny belledi.

Begençli gözýaşlarynyň astynda iň söýgüli käri bolan futbol bilen hoşlanan ispan futbolçy çagalykdan futbolçy bolup arzuw edendigini, yhlasly zähmetiniň netijesinde futbolda ýokary sepgitlere ýetendigini aýtdy.

Andres Inýesta hemişe 2 futbol toparyna ykbalyny baglandygyny belläp, bu toparlaryň çagalykda oýnan “Albaset” hem-de futbolyň çür depesine çykan “Barselona” toparlarydygyny belläp geçdi.

Ispan futbolçy futbol karýerasynda “Barselona”, “Wissel Kobe” we “Emireýts” toparlarynda çykyş etdi. Ol “Barselona” bilen 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy we 9 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolan Inýesta 2008-nji we 2012-nji ýyllarda milli ýygyndy bilen Ýewropanyň çempiony bolmagy başaran tejribeli futbolçylaryň biridir.

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy