DÜNÝÄ

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.

Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberilen hatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyzyň tehnikalar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň, döwletimiz tarapyndan dünýäniň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagynyň, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň welaýatyň pagtaçy daýhanlaryna şeýle zähmet ýeňşini gazanmaga uly ýardam berendigi bellenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Welaýatyň ähli oba zähmetkeşleri şeýle sepgitlere ýetilmegi ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ajaýyp waka mynasybetli gutlaglaryny beýan edýärler, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.

Ýene-de okaň

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär