DÜNÝÄ

Türkmenistanyň täze bellän ilçisi Birleşen Arap Emirliklerine bardy

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda täze bellenen Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramow BAE geldi. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy habar berýär.

Dubaý şäheriniň Halkara howa menzilinde Ilçini Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň Dubaýdaky wekilhanasynyň direktorynyň orunbasary jenap Raşid Abdulla Al Kasir mähirli garşylady.

Söhbetdeşligiň dowamynda jenap Raşid Abdulla Al Kasir täze bellenen Ilçini garşylap, onuň Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak jogapkärli we netijeli işine üstünlik arzuw etdi.

Duşuşyk dostluk, özara hormat we oňyn hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçdi.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy