BIZNES

 «Baku» we «Balkan» gämi gurluşyk zawodlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk

 «Baku» gämi gurluşyk zawodynyň ýolbaşçylary Türkmenbaşy şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.  Saparyň dowamynda taraplar gämi gurluşygy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň gämi gurluşyk zawodlarynyň arasynda gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesi Hökümetara toparyň geçen mejlisiniň Teswirnamasynda göz öňünde tutulan.

«Baku» gämi gurluşyk zawodynyň esasy işi kömekçi gämiler, umumy ýük gämileri, tirkeg gämileri, kran gämileri, ýöriteleşdirilen gämiler we ýolagçy gämileri we tankerler ýaly dürli gämileriň gurluşygyndan ybaratdyr. Gämi abatlanylýan kärhana gämi abatlamak we gämileri gaýtadan işlemek bilen hem meşgullanýar.

Azerbaýjan wekilýeti«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy, gurluşy we ýerine ýetirýän işi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Soňra myhmanlar zawodyň önümçilik ýerlerine baryp, zawodyň desgalary, tehnikalar we enjamlary bilen ýerinde tanyş boldular we ýakyn wagtda «Balkan» zawodynda sargytlaryny ýerleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Saparyň ahyrynda «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek belläp, ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk tekliplerini iberjekdiklerini aýtdylar.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy