BIZNES

Hytaý awtoulag eksportynda rekord goýdy

Hytaýyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň habaryna görä, ýurduň awtoulag eksporty 2023-nji ýylda 5,26 million birlige ýetdi. “Wall Street Journal” bu barada habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, bu daşary ýurtlara awtoulag üpjünçiligi boýunça adaty lider Ýaponiýanyň netijesinden takmynan 1 million köpdür.

Ösüşiň esasy hereketlendirijisi Russiýadan bolan has köp islegdir, bu ýerde hytaý awtoulag öndürijileri eksportuny 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende azyndan 5 esse artdyryp, 800 müň birlige ýetirdi.

– “Geçen ýyl “Chery” kompaniýasy Hytaýyň iň uly awtoulag eksportçysy boldy we 900 müňden gowrak awtoulagy daşary ýurda iberdi. Bu “Tesla” ýa-da “BYD” kompaniýalaryndan has kän “-diýdi Hytaýyň awtomobil birleşiginiň baş sekretary suý Dunşu belledi.

 

Related posts

Türkmenistan täze awtobuslary satyn alýar

Türkmenistan Owganystanda elektrik taslamasyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýa sanly walýutany synag edýär