JEMGYÝET

Aglama Gyzym

“Bu bir dünýe, gelen geçer,
Ha şatlyk, ha gussa seçer.
Bolýandyr beterden, beter,
Aglama gyzym!

Hemme zadyň hasaby bar,
Takdyryň öz hesibi bar,
Ýazgydy bar, nesibi bar,
Aglama gyzym!

Şükür et sag bolsa janyň,
Alajy tapylar malyň,
Gyýylsaň agyr bor halym,
Aglama gyzym!

Bardyr saňa mende ynam,
Bir Haka, özüňe ynan,
Diýselerem şahyr ýanan…
Aglama gyzym!

Şowhuny ýatmasyn törüň,
Şol seni apalap ýörün,
Ýene düýşleriňde gerin,
Aglama gyzym!

Dost-dogan bolsa mydama,
Köp zat gerek däl adama,
Özüňi aýa, ýadama,
Aglama gyzym!

Hasam gözel bolýaň gülseň,
Ýüregim ot alar solsaň…”

…diýerdi ejemjan bolsa,
Aglama gyzym!

Gülşirin HANOWA.

Aşgabat şäheri

 

 

Related posts

Saýlaw-2022: Türkiýede ses bermek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Bill Gates “Microsoftyň” dolandyryjylar geňeşinden çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hususy habar saýtlarynyň sany köpelýär

Ata Watan Eserleri