JEMGYÝET

Gözleg

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Gözledim nämedir bir zat,

Düşnüksiz beýan ederden.

 

Belki, ol sen hakda arzuw,

Geljek güýze ganat beklän,

Umytlarmyň ynamyndan,

Sözlerimi söýgä beslän.

 

Belki-de ol pikirlerden,

Gözlemäge ýokdur esas,

Şonda-da men bu ahwaldan,

Göwnümi etmedim halas.

 

Belki-de duýgymyň düýni,

Hyýalyň erkin alandyr,

Pikirlerim maňa däl-de,

Belki-de saňa aýandyr.

 

Bu syrmydyr ýa-da sowal,

Jogap gözledim güýzlerden,

Karar tapan bolsa gerek,

Göwnüm gözlegden, gözleňden.

 

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Belki seni tapandyryn,

Ýazan söýgi setirlemden.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

 

Related posts

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Ata Watan Eserleri

Milli Geňeşiň palatalarynyň deputatlary Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga gatnaşar

Milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy