GENEL

Gözleg

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Gözledim nämedir bir zat,

Düşnüksiz beýan ederden.

 

Belki, ol sen hakda arzuw,

Geljek güýze ganat beklän,

Umytlarmyň ynamyndan,

Sözlerimi söýgä beslän.

 

Belki-de ol pikirlerden,

Gözlemäge ýokdur esas,

Şonda-da men bu ahwaldan,

Göwnümi etmedim halas.

 

Belki-de duýgymyň düýni,

Hyýalyň erkin alandyr,

Pikirlerim maňa däl-de,

Belki-de saňa aýandyr.

 

Bu syrmydyr ýa-da sowal,

Jogap gözledim güýzlerden,

Karar tapan bolsa gerek,

Göwnüm gözlegden, gözleňden.

 

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Belki seni tapandyryn,

Ýazan söýgi setirlemden.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

Related posts

UEFA Şampiyonlar Ligi Kupası sahibini İstanbul’da buluyor Büyük Final Öncesi İstanbul’u Keşfetmeye Hazır mısın?

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin

vepa

Atestat bilen Türkiýede okamak : Gerekli Resminamalaryň Sanawy

vepa