JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline gondy.

Beýik myhmanyň hormatyna howa menzilinde dabaraly garşy alyş çäresi guraldy.

Özbegistanyň Prezidentini türkmen tarapynyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew garşylady. Resmi dabaradan soňra wekiliýet «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Saparyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» görnüşindäki ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň çäginde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşylar.

Ýokary derejedäki bilelikdäki duşuşygyň jemleri boýunça taraplar birnäçe resminama gol çekerler.

Related posts

Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Benziniň bahasy nirede has gymmat?

vepa