JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek üçin BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine bolsa täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Related posts

Türkmenistanda doglan kosnonawt türk astronawtyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun kabul edildi

Anadolu üniversitesi YÖS Başvurusu başladı

vepa