Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu foruma daşary ýurt kompaniýalary, ýerli hususy kärhanalar, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşarlar.
Forumyň çäklerinde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ýol gurluşygynda dünýäniň döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, ozal ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
