BIZNES

Owganystan Türkmenistandaky ilçihanasyna söwda attaşesini belledi

Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Mohammad Haun Saýedini Owganystanyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki ilçihanasyna täze söwda attaşesi wezipesine belledi. Bu barada “Khaama Press” owgan neşiri habar berýär.

Owganystanyň Söwda ministrliginiň “Twitter” jemgyýetçilik torunda habar berlişine görä, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ýerine ýetiriji Fazal Mohammad Sabir täze söwda attaşesiniň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy. Ol bu dabarada eden çykyşynda täze söwda attaşesiniň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de söwda we maýa goýumlaryň artdyrylmagyna goşant goşjakdygyny belledi.

Söwda attaşesi öz ýurdunyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary utgaşdyrmak ugrunda iş alyp barar.

Related posts

Türkmenistanyň nebit önümçiligi

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynda işleriň barşy

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar

Leave a Comment