BIZNES

Ispaniýa Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildriýär

2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ispaniýanyň ilçihanasynyň (ýerleşýän ýeri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäheri) Söwda we ykdysady wekiliýetiniň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşykda ýurdumyzyň söwda-ykdysady taýdan ösdürilmeginde dünýäniň dürli ýurtlary we şol sanda halkara bileleşikleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi hem-de ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikler we berilýän goldawlar barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Şeýle hem iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny we işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hemişe taýýardygy bellenilen bu duşuşykda Ispaniýanyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmalarynyň bardygy we bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Related posts

“Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karar gol çekildi

Türkmenistan daşary ýurda 104 müň tonna pomidor eksport etdi

TNGIZT: daşarky bazara 1,3 mln tonna töweregi önüm iberildi

Ata Watan Eserleri