BIZNES

Aşgabatda Eýranyň “Iran Agro Food” sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 16-18-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Iran Agro Fud» atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi hem-de işewürler maslahaty geçiriler. Häzirki wagtda goňşy döwletiň Aşgabatda guralmagy meýilleşdirilýän bu sergisiniň we maslahatynyň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu ýöriteleşdirilen sergä we işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasyndan azyk pudagyna ýöriteleşen kompaniýalaryň ýüzlerçesine garaşylýar.

Şeýle hem bu sergide Eýran Yslam Respublikasynyň oba hojalyk pudagynda, azyk senagatynda alnyp barylýan işleri we ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Related posts

Mahtumkuli’nin şiirleri Özbekçe yayınlandı

vepa

Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly Gün elektrik stansiýasy gurlar

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi