JEMGYÝET

546 kilometrlik Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişiler

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak babatda şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Related posts

Türkmenistan’da bir günde 355 bin ağaç dikildi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi