JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti Awaza geldi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew “Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan” ýokary derejdäki üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça bu saparyny amala aşyrýar.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerligi bilen garşylandy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşylady.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Pakistan tarapy Arkadag şäherine ýokary baha berdi