SPORT

Dünýä futbol äleminde täze çempionat dörediljek

2013-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän Halkara çempionlaryñ kubogy bilen birlikde “Tomusky çempionlar ligasy” hem dörediler diýip “Daily Mail” saýty habar berýär. Futbol bileleşigiñ ýolbaşçylary bu ýaryşa resmi at goýmak isleýärler. Çempionatda kwalifikasiýa, toparlaýyn tapgyrlary, ýarym final we final duşuşyklaryny geçirmegini meýilleşdirilýär. Ýaryşyñ taslamasy bilen Angliýanyñ Premýer ligasynyñ futbol toparlarynyň tanşandygyny belläp geçmeli. “Mançester Ýunaýted”, “Mançester Siti”, “Liwerpul”, “Arsenal”, “Tottenhem’ toparlary eýýäm öz razylyklaryny berdiler we täze dörediljek çempionatda gatnaşmak üçin öz isleglerini bildirdiler. Ýakyn günlerde täze taslama bilen dünýäniñ beýleki çempionatlary bilen tanyşdyrylmagyna garaşylýar. UEFA we “Relevant Sport” kompaniýasy täze dörediljek “Tomusky çempionlar ligasyny” 2021-nji ýylyñ tomus aýlarynda geçirmek meýilleşdirilýär we bu barada gepleşikler gyzgyn ýagdaýda dowam edýär.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri