DÜNÝÄ

Oksfordyň 6 ýaşly talyby

«Joşua Bekford Oksford uniwersitetine alty ýaşynda kabul edilen ilkinji talypdyr» diýip, «Healthy Food House» neşiriniň habarynda aýdylýar.

2011-nji ýylda onuň kakasy Oksford tarapyndan 8 ― 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin okuw maksatnamasynyň ýola goýulýandygy baradaky bildirişi eşidip, ogly heniz görkezilen ýaşdan kiçi hem bolsa ýüz tutup gördi. Şeýlelikde, körpeje Bekforda uniwersitetiň talyby bolmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Juda zehinli oglanjyk pelsepe we taryh boýunça sapak alan hem bolsa, onuň ýetişigi başga dersler boýunça hem juda gowudy. Hatda ol onlaýn okuw platformalarynda hem iň gowy netijäni görkezen talyplaryň biri boldy.

Kakasy Knoh Daniel heniz bir hem ýaşamanka onuň käbir ukyplarynyň ýüze çykyp başlandygyny aýdýar. Entek 10 aýlyk Joşua kompýuteriň klawiatursyndaky harplaryň adyny doly aýdyp bilipdir.

Ol üç ýaşyna baranda iňlis dilini özleşdirdi we beýleki daşary ýurt dillerini öwrenmäge girişdi. Joşua geljekde neýrohirurg bolmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy