JEMGYÝET

Türkmenistan ilatyň sowatlylygy

Ýakynda meşhur statistiki saýtlaryň birinde 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça ilatyň sowatlylygy boýunça döwletleriň sanawy düzüldi. Ilatynyň 99 göteriminden hem gowragy sowatly bolan, başgaça aýtsak, sowatlylygyň iň ýokary derejesindäki döwletleriň hatarynda Türkmenistan hem görkezilýär.

Sanawyň başyny Koreýa Halk Demokratik Respublikasy çekýär. Ikinji orunda bolsa Latwiýa bar.

Şeýle hem bu sanawyň öňdebaryjylarynyň hatarynda Estoniýa, Litwa, Azerbaýjan, Polşa, Täjigistan, Ermenistan, Ukraina, Gruziýa, Russiýa, Belarus, Sloweniýa, Kuba, Özbegistan, Slowakiýa, Türkmenistan ýaly döwletler görkezilýär.

Umuman, dünýä boýunça 15 ýaşdan kiçileriň sowatlylyk derejesi 86,3 göterime deň. 15 ýaşdan uly erkekleriň sowatlylyk derejesi 90, zenanlaryňky bolsa 82,7 göterim.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady