JEMGYÝET

Türkmenistanda 356 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli 356 sany raýatymyzyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol topar tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady