Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

ÝAŞLAR SIZIŇ BILENDIR, ARKADAGLY SERDARYMYZ

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

ÝAŞLAR SIZIŇ BILENDIR, ARKADAGLY SERDAYMYZ

Dowamaty beýik Merdiň, gurýan ýolam belent, aýdyň,

Döwri döwür, ömri ömür soňlanmajak dessan, aýdym,

Onsoň beýle bagtdan ganyp men öz Watanymy söýdüm,

Gursaga sygmaz joşumyz, has şanlydyr kalp sazymyz,

Ýaşlar Siziň bilendir, Arkadagly Serdarymyz.

 

Oka, öwren, döret, galdyr, halal zähmet sarpaly,

Bu gül Diýar berk binýatly, Arkadagdan arkaly,

Biz halal zähmetde ýazýas, taryh altyn harpyny,

Bereketli tomus, güýzi, päk gyşy, görkli ýazymyz,

Ýaşlar Siziň bilendir, Arkadagly Serdarymyz.

 

Täze oba, täze şäher, döwrebap hem naýbaşy,

Ak otagly, kämil, kaşaň, gurluşy bar öý goşy,

Bu zatlary ýaşlar gurýar, taraşlan deýin daşy,

Bizde mäkäm ynam barka, goýmaly öçmez yzymyz,

Ýaşlar Siziň bilendir, Arkadagly Serdarymyz.

 

Ylym-bilim, inowasiýa, sanly ulgam elinde,

Halk galkynýar, il gülleýär, ösen ýurtlaň deňinde,

Bu Watanyň ak ertiri, biz ýaşlaryň elinde,

Ýurt başynda bize nusga dur merdana, merdanymyz,

Ýaşlar Siziň bilendir, Arkadagly Serdarymyz.

 

Ýaşyl Tugumyz göterip dünýä çykmaly nesil biz,

Seljuk, Alp-arslan, Görogly, dünýäni baglan aslymyz,

Täze Galkynyş döwrümiz, rowaçlyklydyr asyrmyz,

Arkadag Serdarly ýaşlar bagta sary ak ýolumyz,

Ýaşlar Siziň bilendir, Arkadagly Serdarymyz.

 Şageldi SALYHOW.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň

Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy