TEHNOLOGIÝA

«Türkmenpoçta»: halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň gerimini giňeldýär

Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy, logistikany işjeňleşdirmegi, elektron söwda meýdançalaryny we poçta ýollamalaryny eltip bermek boýunça häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmagy dowam etdirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ýagny, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky döwürde daşary ýurtlaryň «Omniva», «Amazon», «eBay», «AliExpress», «Rakuten», «Wildberries», «Adex», «Internet reşeniýa» ýaly iri internet-söwda meýdançalaryndan, internet dükanlaryndan satyn alnan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini guraýar.

Şeýle hem «Türkmenpoçta» PAK «TMDrops» logistika gullugy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ýurdumyzyň ýaşaýjylary üçin halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Bu hyzmat ulanyjylara ABŞ-da hem-de Italiýa we Gresiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda şahsy wirtual salgylary hödürleýär. Hasaba durlandan soň, müşderä internet-dükanynda sargyt resmileşdirilende ulanyp biljek aýratyn daşary ýurt salgysy we şahsy identifikatory berilýär.

Şunda halkara daşamalar we eltip bermek işleri «Türkmenpoçta» tarapyndan amala aşyrylýar, «TMDrops» bolsa sargytlaryň yzarlanylmagyny we logistika goldawyny üpjün edýär. Harytlary eltip bermegiň ortaça möhleti ABŞ-dan 10 günden 20 güne çenli, Ýewropa ýurtlaryndan bolsa 7 günden 14 güne çenli wagt alýar. Şular ýaly täze halkara elektron söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi ýurtlaryň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, haryt dolanyşygynyň möçberleriniň has-da artmagyna ýardam edýär.

Related posts

Satuwyň ilkinji minutlarynda 42 million dollar gazandy

Ýaponlar iň güýçli kompýuteri işe girizdiler

Türkmenistanda 294 web saýt döredildi

Ata Watan Eserleri