TEHNOLOGIÝA

45 sekuntda bir pizza taýýarlaýar

ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasynyň ozalky 3 sany inženeri robotlaşdyrylan restoran dörediler we ol ýerde gysga wagtda adam güýjünden peýdalanylman, döwrüň iň köp söýülýan tagamy pizza taýýarlanýar.

“Business Insider” neşiriniň habaryna görä, 2022-nji ýylyň baharynda doly güýjünde işläp başlajak “Stellar Pizza” ady bilen robotlaşdyrylan restoran synag edilýär.

2019-njy ýylyň maýynda bu kompaniýa “SpaceX” kompaniýasynyň ozalky 3 sany inženeri – Benson Saý, Braýan Langon we Jeýms Wahawisan tarapyndan döredildi. Olar “SpaceX” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň şereketi üçin raketa we emeli hemralar üçin akkumulýator ulgamlaryny işläp düzdüler.

Startap kompaniýasynyň baş direktory Benson Saý “SpaceX” kompaniýasynyň 20 sany ozalky işgärlerini jemläp, pizza taýýarlamak üçin galtaşyksyz enjam döretdi. Ol enjam ýük ulagyna doly ýerleşýär.

“SpaceX” kompaniýasynyň ozalky şef aşpezi Ted Sizma awtomat usulda pizza taýýarlamak üçin tehnologiýa işläp düzdi.

Enjam hamyry ýaýyp, soňra souslar goşýar we pizzany dört peçiň birine iberýär. Sargyt almak üçin 45 sekuntdan köp wagt gerek däl we müşderi 5 minutdan az wagtyň içinde taýýar pizzany alýar.

Kompaniýa pizzanyň 2 görnüşini – pepperoni we suprimi hödürleýär. Ýöne müşderiler pizza üçin goşmaça önümleriň – zeýtun, sogan, towuk eti ýaly önümleriň goşulmagyny talap edip bilýär.

 

9 milliarda golaý koronawirus sanjymy edildi

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi