DÜNÝÄ

2022-nji ýylyň şygary – “Halkyň Arkadagly zamanasy”

Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bilelikdäki mejlisiň barşynda 2022-nji ýylyň şygary yglan edildi we tassyklandy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda her ýyl bir şygary yglan edýändiklerini belledi. Şol şygar bolsa, öňde goýýan maksatnamalarymyz tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýändigini mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň beran maglumatyna laýyklykda, deputatlaryň halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagynyň netijesinde, olaryň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny teklip edendiklerini belledi.

Bu şygary we nyşany tassyklaýandygyny bellän hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan etdi.

Bular barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

 

Täze ýyl günleri awtobuslaryň gatnaw wagty

Ýene-de okaň

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi

“BP” kompaniýasy Azeri-Çyrag-Güneşli ýatagynda tebigy gaz önümçiligine başlady

Ata Watan Eserleri

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler